Biz barada ...

Häziki zaman tehnologiki, döwrebap, täze nesil telefonlary we elektroniki enjamlary halkymyzy we milletimizi elýeterli bahalardan üpjin etmek maksady bilen Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini we söwda ulgamyna öz goşandymyzy goşýarys. Dükanymyzyň hereket eden döwründe biz dürli kynçylyklara garamazdan ähli görnüşdäki telefonlary we enjamlary satmagy, ulanylan telefonlary eýesinden satyn almak ýaly hyzmatlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge çalyşýarys. Türkmenistanda arassa we garantiýaly enjamlary we telefonlary almak we satmak babatynda uly abraýa mynasyp bolmak bilen ýurdumyzda telefon we elektron bazarynda özümize uly abraý gazandyk.

Dükanymyzyň içerki medeniýeti dükanymyzyň ýolbaşçylarynyň yol görkezmeginde, her bir müşderiniň şahsy we hünär häsiýetlerine garamazdan söwdanyň ähli hyzmatlaryndan peýdalanmaga ýardam berýär we dükanymyzdan hoşal bolmaga maksat edinip, amatly we höweslendiriji söwda ulgamyny döretmäge çalyşýar.

Gündelik işleriňiz we wagtyňyzy hoşal geçirmek üçin döwrebap, ýokary tehnologiki enjamlar we telefonlar.

Köplenç soralýan soraglar:

Satyjynyň profilini barlaň. Eger telefony internetden satyn alýan boslaňyz, satyjynyň profilini barlaň. Adatça web saýt we ykjam programma üpjünçiliklerinde her satyjynyň profili bolýar. Profile girip, satyjynyň satan we satýan harytlary barada maglumat alyp bolýar. Eger hakykatdanam abraýly, meşhur satyjy bolsa onda biraz rahatlanyp bolar. IMEI koduny barlaň we gutusyny hökman talap ediň. Ähli telefonlaryň ýeke-täk, biri-birine meňzeş bolmaýan IMEI kody, ýagny serial belgisi bolýar. Bu kod telefonda we onuň gutusynda ýazylýar. Telefondaky IMEI kody hökmany suratda gutusyndaky IMEI kod bilen meňzeş bolmalydyr. Eger telefony gutusy bilen alsaňyz we IMEI kodlary özüniňki bolsa, satyja ynanyp bolar we telefonyň anyklygyna göz ýetirmek bolar. Telefonlarda IMEI kody görmek üçin *#06# basmaly.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, “Samsung” we “Iphone” mobil telefonlaryny öndüriji kompaniýalar girdejileriniň köp bölegini marketinge (mahabat işleri, önümi “brend” etmek boýunça işler we ş.m.) sarp edýärler, şol sebäpden olaryň bahalary “Xiaomi” ýaly telefonlara görä gymmat bolýar. “Xiaomi” mobil telefonlaryny öndüriji kompaniýa bolsa önümiň marketingi üçin gaty az mukdarda pul sarp edýändikleri bellenilýär. Şu güne çenli teleýaýlymlarda “Xiaomi” mobil telefonlarynyň mahabatlaryny gördüňizmi? Elbetde ýok, bolsa-da gaty azdyr. Olaryň bahalarynyň arzanlygynyň birinji sebäbi – marketinge sarp edilýän puluň az bolmagy. Hytaý telefonlarynyň oflaýn (fiziki) dükanlary ýok diýlen ýaly. Olar harytlaryny diňe onlaýn (internet üsti bilen) satýarlar. Diýmek, bu sebäp hem bahalarynyň arzanlygyna täsir edýär. Käbir hytaý telefon öndürýän kompaniýalar enjamlaryny özleri öndürýärler. Meselem, “Huawei” telefonlarynyň köpüsinde prosessorlary özleri tarapyndan öndürilýär. Bu sebäp hem bahalaryna täsir edýär.

Hawa. Telefonyň gutusy, zarýadnigi, nauşnigi we beýleki ähli resminamalary bar bolan we telefonyň öz IMEI kody bilen gutusyndaky IMEI kody deň bolan ýagdaýynda we telefonyň ulanylyş ýagdaýyna görä, alyp-biljek bahamyzy size teklip edip ylalaşykly söwda arkaly sizden satyn alýarys.

Hawa. Bizden eden ähli söwdaňyzda harydyň täzeligine we ulanylandygyna garamazdan harydyň ýagdaýyna görä size tapawutly kepillikler hödürleýäris.